BIZ BARADA




Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Muzeýler halkyň taryhyny , gadymy medeniýetini, däp - dessurlaryny özünde jemleýän ruhy we milli hazynadyr. Hiç bir jemgyýeti, döwleti şeýle ruhy hazynasyz göz öňüne getirip bolmaz. Ýurduň ýüzi bolup durýan muzeýlerimizi gören islendik adam diňe bir ruhy lezzet alman, eýsem, türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti däp –dessurlary barada giň düşünje alýar.

Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň bäş sütüniniň biri bolan Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabatda ýerleşýän muzeýiň düýbi 1970–nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne tutulyp, ol 1974–nji ýylda ilkinji gezek muzeý gymmatlyklaryny halk köpçüligine görkezip başlady. Türkmen nebitiniň 100 ýyllygy mynasybetli 1977-nji ýylda muzeýiň uly sergi bölümi açyldy. Ozal Halklaryň dostlugy adyny göteren bu muzeý 1986–njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den taryhy- ülkäni öwreniş muzeýi adyny göterýär. 2000-nji ýylyň maý aýynyň 1-den häzirki güne çenli Balkan welaýat taryhy- ülkäni öwreniş muzeýi ady bilen işleýär.

XX-XXI asyryň sepgidinde halkara derejesine çykyp, giň meşhurlyga eýe bolan türkmen medeniýetini we sungatyny halk köpçüligine ýetirmekde, ähli welaýatlar bilen birlikde Balkan welaýatynda hem 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda täze muzeý binasy açylyp ulanylmaga berildi. Şeýlelik-de Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi – bu biziň ýurdumyzda medeniýeti ösdürmegiň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sahypa boldy. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde gurlan bu ajaýyp bina sebitiň medeni taýdan ösüşini şöhlelendirmekde , gadymy taryhyň ruhy baýlyklaryny gorap saklamakda , ösüp gelýän ýaş nesliň halkyň taryhyna däp-dessurlaryna hormat goýmak we Watana bolan söýgi duýgularyny terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasynda welaýatymyzyň taryhy öz beýanyny tapandyr. Ekspozisiýa iki gatda ýerleşip alty bölümden ybarat. Birinji gatda ekspozisiýa Garaşsyzlyk bölümi bilen başlanyp, onda Balkan welaýatynyň ykdysadyýetiniň ösmeginde, durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, oba hojalygyny, senagatyny we beýleki pudaklary ösdürmekde alnyp barylýan işler fotosuratlaryň, eksponatlaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär.

Ekskursion ugur boýunça birinji gatda ýerleşýän Tebigat bölümi welaýatyň haýwanat dünýäsiniň kartasy bilen başlanýar. Mineral serişdelerine örän baý bolan welaýaty şöhlelendirýän, ekspozisiýanyň dowamynda şol mineral serişdeler, welaýatyň toprak örtügi, klimat kartasy we gidromineral çig mal hazynasy bolan Garabogaz köl aýlagy bilen tanşyp bolar. Balkan welaýatynda tebigy geologik ýadygärlikler kändir. Olaryň içinde termal çeşmeli, ýod-brom känli we gadymy öçen Garaburun atly wulkany bilen belli bolan Boýadagdyr. Witrinalarda Esenguluda we Çelekende ýerleşýän, Hazar deňziniň kenarynda hereket edýän we öçen läbik wulkanlar, Garabogazköl aýlagynyň töwereklerinde ýerleşýän äpet daş şarlary (konkresiýalar) we aýratyn duran dag belentlikleri görkezilendir.

Günbatar Köpetdag öz ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýandyr. Bu ýerde subtropiki ösümlikler bitýär. “Köpetdag” we ”Sumbar jülgesi” atly dioramalarda bu ýerleriň täsinlikleri suratlandyrylýar. Günbatar Köpetdagda Sünt- Hasardag Döwlet goraghanasy ýerleşýär. Hazar deňziniň günbatar kenar ýakasynyň ugrunda guşlaryň gadymy migrasion ýoly geçýär. Bu ýerde guşlar üçin örän iýmit köp bolanlygy sebäpli, olaryň köpüsi şu kenarda gyşlamaga galýarlar. Deňiz aýlaglaryny we Hazaryň günorta-gündogar kenaryndaky suw- batga ýerleri “Guş eldoradosy” diýip atlandyrylýar. Bu ýerde guşlaryň 300-e golaý gönüşi duş gelýär. “Hazarda guşlaryň gyşlamagy” atly dioramada guşlaryň birnäçe görnüşlerini görüp bolar. Hazar deňziniň suwlarynda balyklaryň 48 görnüşi we endemik, kürekaýaklylaryň ýeke- täk görnüşi bolan düwlenler ýaşaýarlar.

Hazar deňziniň iň uly adalarynyň biri Ogurjaly adadyr. Bu ýerde jerenleriň özbaşdak populýasiýasy ýaşaýar. Olaryň 1982-83-nji ýyllarda bu ýere Bathyz goraghanasyndan 13 sanysy getirildi. Adanyň amatly tebigy şertleri we ýyrtyjy haýwanlaryň ýok bolmagy keýikleriň sanynyň köpelmegine getirdi. “Uzboý we çölüň kölleri” atly witrinada gadymy Amyderýanyň hanasy bolan Uzboý görkezilýär. Onuň ugrunda çölüň içinde täsin süýji suwly köller bar, olar ýerasty suwlar esasynda dolýarlar. Balkan welaýatynyň tebigaty täze, emeli “Altyn köl” bilen baýlaşdy, onuň Türkmenistanyň çäginde zeý suwlary toplamakda örän uly ähmiýeti bardyr.

Muzeýiň Taryh bölüminde Balkan welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri, şol ýerlerden tapylan tapyndylar hem-de maglumatlar jemlenendir. Bölüm arheologiýa we binagärçilik ýadygärlikleri ýerleşdirilen karta bilen başlanýar. Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşap geçen ýeri Balkan welaýatydyr. Adamzat medeniýetiniň has irki galyndylary Türkmenbaşy şäherinden 39 km. gündogar tarapynda ýüze çykaryldy. Tapyndylar häsiýetine görä, aşel döwrüniň ahyryna degişli bolup, ýagny 300 müň ýyl mundan öň geologik maglumatlara görä, Türkmenistanyň günorta- günbatarynda adamlar ýaşap, daş önümlerini goýup gidendiklerini aýtmaga mümkinçilik berýär.

Ilkidurmuş adamlaryň ýaşan ýerleri bolan Dam-dam çeşme I-II , Jebel gowaklary ylmy taýdan işlenip taýýarlanan dioramalaryň üsti bilen görkezilýär.

Biziň eýýamymyzdan öň III müňýyllykda Günorta Türkmenistanda käbir bildirýän tapawutlylygy bolan oturymly taýpalarda patriarhal ösüş dowam edipdir.Hazar ýakasynda neolit döwri, awçylaryň- balykçylaryň ýaşandygyna şaýatlyk edýän birnäçe tapyndylar bar. Günorta-Günbatar Türkmenistanda b.e. öň II müňýyllygyň ikinji ýarymyndan I müňýyllygyň başyna çenli medeniýetiň esasy ýadygärlikleri Misserian düzlüginde jemlenendir (Yzzatguly,Madawdepe) . Gadymy Dehistanyň ýadygärlikleriniň keşbi öz döwründe ýerli ekerançy- maldarçylaryň ýokary ösen medeniýetini häsiýetlendirýär.Muzeý ekspozisiýasynda şu ýerlerden tapylan taryhy gymmatlyklar ýerleşdirilen. Gymmatlyklar bilen bilelikde taryhy ýadygärlikleriň ýerleşiş çyzgy meýilnamalary hem-de maglumatlary görkezilýär.

B.e.öň VIII – III asyrlarda Şadüzgala, Akgala ýaly iri obalar döreýär. Etrek derýasynyň aşak akymlary orta asyr ýazuw çeşmelerinde Dehistan diýlip atlandyrylýar. “Dehistan” sözi “dah” taýpalarynyň ýaşan mekany diýen manyny aňladýar.Etrek derýasynyň aşak akymynda orta asyrda ýerleşen oturymly ekerançylyk obalarynyň merkezi hem Dehistan bolupdyr.

Misserian düzlügindäki iň uly ýadygärlik Dehistan orta asyr şäheridir.Şäherde IX- XIV asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr. XI-XIII asyrlarda ençeme täsin ymaratlar bina edilipdir.Häzir olardan iki sany minara we ýaşaýyş jaýlary ýarym harabaçylyk ýagdaýynda saklanyp galypdyr.Metjidiň diwaryndaky mawy syrçalar 700 ýyl geçendigine garamazdan, häzir hem öz reňkini saklapdyr. Gadymy arheologik ýadygärlik bolan Misserian oazisi orta asyrlaryň ýazuw çeşmelerinde Dehistan welaýaty hökmünde görkezilýär.Arheologik maglumatlara görä,Misserianyň gülläp ösen döwri XI-XII asyrlara degişli bu döwürde şäherleriň ilaty köpelýär, çäkleri bolsa giňelýär. Misserian şäheri öz döwründe Merkezi Aziýanyň iň uly orta asyr şäherleriniň biri bolupdyr. IX- X asyrlarda şäher senetçiliginiň giňden ösenligi şol wagtyň durmuşda ulanylýan zatlaryndan, amaly sungatyň önümlerinden aýdyň görünýär.Keramika kämilleşýär, ýagny küýzeler örän berk we ýuka bolup ugraýar.Gap-gaçlaryň görnüşleri nepis, olaryň daş ýüzi köplenç güberçekli nagyşlar bilen bezelýär. Syrçalaryň ulanylmagy şol döwrüň möhüm ýasalyş usulynyň üstünligi bolup durýar.

Balkan welaýatynyň taryhy we onuň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri özüniň täsinligi we çeperçilik ähmiýeti bilen özboluşludyr.

Maşat we Misserianyň ýadygärlikleri bilen tanşanyňda baý geçmişli, taryhy medeni welaýat bolan Dehistan binagärligi özboluşly gurluşy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar.

Ekskursiýa ikinji gatda döwletimizde belli senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän wagtlaýyn sergiler bölüminde dowam edýär.

Soňra ekskursiýa 5-nji etnografiýa bölümde dowam edýär. Türkmen etnograflary halkyň uzak asyrlaryň dowamynda döredip, timarlap häzirki günlerimize ýetiren däp - dessurlaryny, edim-gylymlaryny, yrym-ynançlaryny öwrense, folklory öwrenijiler şol däp- dessurlar bilen baglylykda ýüze çykan halky eserleri öwrenýär. Muzeýler bolsa şol taryhy gymmatlyklary gorap saklaýar we halka ýetirýär. Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa bölüminde günbatar türkmenleriň ýaşaýyş şertleri we durmuşy, däp- dessurlary, milli egin - eşikleri , şaý-sepleri dioramalarda hem-de witrinalarda eksponatlaryň üsti bilen görkezilýär.

Günbatar Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler, esasan, XVIII asyrda oturymly ýagdaýa ymykly geçipdir. Şol döwürler ilatyň köpüsi Hazaryň günorta-gündogar kenarlarynda mesgen tutupdyrlar. Çarwa hojalyk has adaty görnüşde Balkan dag töwereklerinde saklanyp galypdyr.

XVIII – XIX asyrlarda türkmenleriň ykdysadyýetiniň esasyny ekerançylyk bilen maldarçylyk hojalygy düzüpdir. Ekerançylyk bilen esasan derýalaryň we çeşmeleriň boýlarynda ýaşan adamlar meşgullanypdyrlar. Olaryň käbiri ygalyň ýagmagy bilen düme ekin ekip, hasyl almagy başarypdyrlar.

Balkan welaýatynda ir döwürde maldarçylyk hem esasy pudaklaryň biri bolupdyr. Mallar dag eteklerinde, öri meýdanlarda bakylypdyr. Ondan et we süýt önümlerini alypdyrlar. Mallaryň ýüňüni we derisini hojalykda peýdalanypdyrlar.

Hazar deňziniň kenarynda ýaşaýan türkmenler balyk tutmak bilen meşgul bolupdyrlar. Balyk tutmak üçin ýönekeý zähmet gurallaryny ulanypdyrlar. Olar esasan, çeňňek, etlik, gaňrakdan ybarat eken. Bu gurallary köplenç ýerli ussalar ýasapdyrlar. Mundan başga-da türkmenler balyk tutmak üçin ýüpekden egrilip örülen torlardan hem peýdalanypdyrlar.

Türkmen hojalygynyň goşmaça pudaklarynyň biri awçylykdyr. Awçylyk bilen meşgullanýan belli-belli adamlar ýyndam tazylardan, awa salynýan guşlardan peýdalanypdyrlar.

Etnografiýa bölümine özboluşly bezeg berip duran gymmatlyklaryň biri türkmeniň “Ak öýüdir”. Ýaşaýyş jaýynyň gadymy görnüşi ak öý çarwadarlaryň örän rahat we taýsyz gurnama jaýydyr. Ak öýüň içiniň meýdanynyň ölçegi onuň ganatlaryna bagly bolupdyr. Ak öýde gündeki ulanylýan zatlaryň goýulýan ýeri bolupdyr. Öýüň içine gülli keçe, haly ,palas, ojakbaşy düşäpdirler. Ak öýüň gapysynyň sag tarapyndaky azyk, gap-çanak, el degirmeni ýaly zatlaryň goýulýan ýerine “ gap böwri” diýilipdir. Bu ýer maşgalanyň zenanlary we çagalary üçin niýetlenipdir. Erkek adamlaryň oturýan tarapynda däneli argyş çuwaly, düýäň howudy, atyň eýeri, ýüp, don, aýakgap ýaly hojalykda ulanylýan zatlar goýulypdyr. Ojagyň garşysyndaky tör myhmanlar üçin niýetlenipdir. Ol ýere uly “ düýp haly” ýazylypdyr.

Türkmen halkynyň medeni durmuşynda bagşylar, sazandalar möhüm orun eýeläpdir. Tutuş türkmen aýdym–saz sungatyna saldamly goşant goşan, aýdym-saz äleminde uly ussatlyga ýeten bagşy sazandalaryň bolandygyna taryh şaýat. Öz döwründe ussatlyga ýeten , geljek nesil üçin özboluşly ýol-ýodasyny döredip giden balkanly bagşylaryň foto suratlaryna hem etnografiýa zalynda aýratyn orun berilendir.

Türkmen halkynyň taryhy hem özünde mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy, ruhubelentligi jemleýän gahrymançylykly sahypalara juda baýdyr. Şolaryň biri-de taryhda “Krasnowodsk-Moskwa taýmylly ýörişi” diýlip atlandyrylan türkmen balykçylarynyň häzirki Türkmenbaşydan Moskwa taýmylly ýüzüşidir. Oňa Türkmenbaşy we Esenguly etraplaryndan, Hazar ýarym adasyndan Ogurjalydan, Gyzylsuwdan iň tejribeli, beden taýdan sagdyn , edermen ýaş balykçylaryň on sanysy saýlanyp alynýar. Şol gahrymançylykly ýörişe gatnaşan taýmylçylaryň foto suratlaryny etnografiýa zalymyzda synlamak bolýar.

Türkmenleriň durmuşynda hünärmentçilik we senetçilik uly orun tutupdyr. Kümüş ussasy, demir ussasy, agaç ussasy,ýarag ýasaýan, adik, telpek, possun tikýänler we başgalar il içinde ýeterlik bolupdyr. Senetçiligiň bir görnüşi bolan zergärçilik işi “zergär” dioramasynyň üsti bilen görkezilýär.Olar gelin-gyzlar, çagalar üçin niýetlenen şaý – sepleri, şeýle hem at bezeglerini ýasapdyrlar.

Ekspozisiýada öý tutmak, ogul öýerip, toý tutmak, küşt depmek, bagşy aýtdyrmak däpleri hem öz beýanyny tapýar. “Toý” dioramasynda toý däplerinden başga-da milli toý lybaslaryny, şaý-seplerini synlamak bolýar.

Ajaýyp bezeg şaýlaryny dakynyp özlerine timar bermegi başaran türkmen zenanlary agyr zähmetden gaça durmandyrlar. Özleriniň yhlasyny , ýürek ýylysyny siňdirip agyr işleriň hötdesinden gelip, şol işleri sungat derejesine çykarmagy başarypdyrlar. Şeýle sungatyň biri hem türkmen öýleriniň bezegi bolan türkmen keçesidir. Türkmen keçesi-de reňklere baýlygy, gözelligi, çeperçiligi we oňat hili bilen tapawutlanypdyr. Balkan welaýatynyň gelin-gyzlarynyň taýýarlaýan keçeleri iki ýan tarapynyň hem nagyşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu esasan hem Hazar ýaka sebitleriniň ýaşaýjylary üçin mahsusdyr. Emma bir tarapy nagyşly keçeler Magtymguly, Serdar etraplaryndaky zenanlaryň öndürýän keçelerine mahsusdyr.

Etnografiýa bölümimiz haly önümleri bilen has-da baýlaşdyrylyp., haly senediniň dokalyş usuly “dokmaçy” dioramasynda aýdyň görkezilýär. Türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanan haly önümleri zalymyzda öz beýanyny tapýar. Haly önümlerdäki nagyşlar hem Günbatar Türkmenistanda ýaşaýan ilatyna mahsuslygy bilen tapawutlanýar. Haly önümleriniň eňsi, germeç, garçyn, ikselik, ukujy, ojakbaşy, düýehalyk (asmalyk), düýedyzlyk, horjun, torbalar (çemçe torba, duz torba, aşyk torba, at torba), at köýnek, eýerlik ýaly görnüşleri görkezilip, olaryň aglabasy XIX-XX asyrlara degişlidir.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň kökleri gadymy döwürlerden gaýdýar. Irki döwürlerde şekillendiriş sungaty keramika, möhürlere, bezeg esbaplaryna, bina bezeglerine geçirilipdir. Ol döwürlerde tebigy reňkler ulanylypdyr. Orta asyrlarda binalaryň bezeginde angob, syrça, mozaika ýokary derejä ýetipdir.

XX asyryň 20-nji ýyllaryndan nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk sungatynyň ilkinji eserleri ýüze çykýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda şekillendiriş sungaty ösýär we has-da kämilleşýär. Balkan welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminde welaýatyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler we şahsyýetler, sungat eserleri, keramika önümleri arkaly giňden şöhlelendirýär.